۱۳۸۸ آذر ۱, یکشنبه

garaşylmadyk duşuşyk

قاراشـیلمادیق دوشـوشــیق

داود اُغلی قاراشیلمادیق یاغدایدا تؤریز شهرینه گیتدی واحمدی نژاد، متکی ایکیسی بیله دوشوشدی

تورکیه نینگ وزیرامور خارجه سی، مسأله لرینگ دیپلماتیک یوللار آرکالی چوزیلیپ بیلجک دیگینی آیراتین بئلله دی

*- قایناق trtturkmen.com

Türküýäñ Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly garaşylmadyk ýagdaýda Töwrize gitdi

Dawutogly Mahmud Ahmedinežad bilen Töwrizde duşuşdy

Dawutogly meseläniñ diplomatiýa arkaly çözülip bilinjekdigini aýratyn belledi

*-qaynak: trtturkmen.com, Posted 20.11.2009 12:48:02 UTC, Updated 20.11.2009 12:48:02 UTC

Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly, şu gün Eýranyñ Prezidenti Mahmud Ahmedinežad bilen duşuşdy.

Owganystanda Prezidentlige täzeden saýlanan Hamid Karzainiñ kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak üçin Kabula giden Ahmet Dawutogly garaşylmadyk ýagdaýda Töwrize gitdi.

Brýuselde Eýranyñ ýadro tagallary we uranyñ kämilleşdirilmegi bilen baglanşykly gepleşikleriñ geçirilýän gününde bolan Dawutogly-Ahmedinežad duşuşygy örän ähmiýetlidir.

Türkiýe, parahatçylykly maksatlara eýe bolan bolan halatynda Eýranyñ ýadro işlerini dowam etdirmek hukugynyñ bardygy dogrusynda pikir edýär.

Soñky gezek, Eýranyñ urany Türkiýä ugratmagy forumulasy gün tertibine getirlipdi we Daşary işler ministri Dawutogly; “Biziñ üçin esasy zat uranyñ köprüsi dälde; parahatçylyk, durnuklylyk we asudalyk köprüsi bolmak” diýip garaýyş beýan edipdi.

Eýran uranyñ Türkiýede saklanmagy meselesine oñyn garamaýar.%

----------------------------------------------

Dawutogly meseläniñ diplomatiýa arkaly çözülip bilinjekdigini aýratyn belledi

Posted 21.11.2009 13:31:16 UTC, Updated 21.11.2009 13:31:16 UTC

Halkara jemgyýetçiligi Eýranyñ ýadro maksatnamasy bilen baglanşykly ylalaşyk tagallalarynda ähmiýetli döwri başdan geçirýär we Türkiýe meseläniñ diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin uly tagalla edýär.

Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly, düýn Eýranyñ Prezidenti Mahmud Ahmedinežad bilen Töwrizde duşuşdy.

Duşuşyga Eýranyñ Daşary işler ministri Manuçehr Muttaki hem gatnaşdy.

Halkara Atom energiýasy gullugynyñ başlygy Muhammed Al Baradeýiñ, Eýranyñ baýlaşdyrlan urany daşary ýurda ugratmagy baradaky teklibi bilen baglanşykly ýylyñ ahyryna çenli anyk netijä gelinmegine garaşylýar.

Al Baradeý “indi nobat Eýranda, bu mümkinçilikden ýerlikli peýdalanjakdyklaryna ynanýarys” diýipdi.

Eýranyñ Daşary işler ministri Muttaki Töwrizden TRT arkaly Baradeýe “biri-birimize goldaw bermeli we oñyn netje almaly”diýip jogap berdi.

Daşary işler ministri Dawutogly hem, Türkiýäniñ edýän tagallasyny ýatlatmak bilen, meseläniñ diplomatiýa arkaly çözülip bilinjekdigini aýratyn belledi.

Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Eýrandaky gepleşiklerini tamamlap düýn agşam Türkiýä gaýdyp geldi.%

----------------------------------------------------------------------

هیچ نظری موجود نیست: