۱۳۸۸ بهمن ۳۰, جمعه

Oppozision partiýalar döredilibersin

Türkmenistanyń syýasatynda täze başlangyç…


Prezident G. Berdimuhamedow 19 ýyldan bäri ýeke partiýaly ulgam bilen dolandyrylýan ýurtda täze partiýalaryń döredilmegine rugsat berdi.

Posted 19.02.2010 12:44:59 UTC , Updated 19.02.2010 12:44:59 UTC

Täze partiýalaryń ýurduń demokratiýalaşmagyna goşant goşjakdygyny bellän Berdimuhamedow, syýasy durmuşy wagtyń geçmegi bilen kämilleşdirjekdiklerini aýtdy.

Türkmenistanda 1991-nji ýylda garaşsyzlygyń yglan etmeginden soń döredilen ýeke-täk syýasy partiýa Demokratik partiýady.

Ýurtda oppozisiýanyń bolmandygy sebäpli halkara guramalary Türkmenistany tankyt edýärdi.

- Qaynak : trtturkmen.com

----------------------------------------------------------------

Türkmenistan prezidenti:

Oppozision partiýalar döredilibersin

eger isleg bolsa, biz şu ýyldan başlap,

syýasy partiýalary hasaba almaga taýýar diýdi.

Muhammad Tahir, 19.02.2010 , azathabar.com

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Baýdak baýramy we diplomatlaryň güni mynasybetli eden çykyşynda, eger isleg bolsa, biz şu ýyldan başlap, syýasy partiýalary hasaba almaga taýýar diýdi.

Türkmenistanda häkimiýeti dolandyrýan partiýadan başga-da syýasy partiýalaryň döredilmegine rugsat ediljekdigi barada 18-nji fewralda orta atylan pikir ýurduň içinde we daşynda uly seslenmeleri döretdi.


Ol oppozision partiýanyň döremeginiň Türkmenistanyň jemgyýetçilik we syýasy durmuşynda möhüm waka boljakdygyny mälim edip, şol partiýanyň ýurduň jemgyýetçilik we syýasy durmuşyna gatnaşmak bilen bäsleşik esasynda iş alyp barjakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Şert goýuldy: Emma prezidentiň täze dörediljek partiýalar barada bir şerti hem bardy.

“Ýöne täze düzüljek syýasy partiýalar biziň ählimiziň umumy maksadymyz bolan döwletimiziň dünýä bileleşiginde mynasyp orny eýelemegi üçin halkymyzyň milli aýratynlyklaryna esaslanmaly. Ykdysadyýetinde, ýaşaýyş we durmuş ulgamynda, gumanitar ugurlarda ýurdumyzy ösüşiň ýokary sepgitlerine ýetirmegi, dünýäde öňdäki hatarlara çykarmagy bolmalydyr” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Bu şert iş ýüzünde nämäni aňladýar, bu barada prezidentiň eden gysgaça çykyşyndan haýsydyr bir takyk netije çykarmak kyn, emma ol sözüniň dowamynda bu baradaky aladalaryň we özgerişleriň howlukman amala aşyryljakdygyny aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren bu pikiri öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyňkydan tapawutly bolarmy diýlen soraga-da häzirlikçe jogap bermek kyn, emma muňa garamazdan, bu pikir ýurduň içinde giňden ýaňlandy.

Lebäp welaýatyndaky Azatlyk Radiosynyň habarçysy Osman Hallyýew ýerli ýaşaýjylara salgylanyp beren maglumatynda, ilat köpçüliginiň, umuman, bu pikiri gowy garşy alanlygyny we, prezidentiň aýdyşy ýaly, Agrar partiýasyny döretmegiň gowy pikirdigini goldaýandyklaryny habar berdi.

Osman Hallyýew aýratynam ýurtda ýeke-täk partiýa bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň öňki bir agzasyna salgylanyp beren maglumatynda şeýle diýýär: “Ilkinji edilmeli iş, ýurtda syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalar barada döwrebap täze kanun gerek. Türkmenistanyň Mejlisi haýal etmän bu işe girişse we ýakyn aýlarda şeýle kanun kabul edilse, kem bolmazdy”.

-----------------------------------------------------------------

هیچ نظری موجود نیست: