۱۳۹۷ اردیبهشت ۳۰, یکشنبه

توًرکمنصحرا توًرکمنلری ینه-ده غایغا غالدیلار Türkmenler ýene-de gaýgilanmaly boldylar


Türkmensahralylar, Magtymguly günlerini Türkmenistan prezidentiň doglan gününe 'çatylmagyndan' gaýgilanýarlar

Eýranly türkmenler Magtymguly günleriniň prezidentiň doglan gününe 'çatylmagyndan' nägile bolýarlar
Eýranly türkmenler, adat bolşy ýaly, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň günlerini bu ýylam maý aýynda bellediler.
Ýöne öňki ýyllardan tapawutlylykda, Oraza aýy ýetip gelensoň, Eýrandaky Magtymguly günlerine bagyşlanan çäreler bu ýyl biraz irräk başlandy we beýik şahyryň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň guburlarynyň başynda geçirilýän jemleýji dabara bir hepde öň geçirildi.
Eýranly türkmenlerden tapawutlylykda, resmi Aşgabat bu ýyl Magtymguly günlerini maý aýynda bellemedi.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 9-10-njy oktýabrynda bolan Ýaşulular maslahatynda Türkmenistanda 1970-nji ýyllardan bäri maý aýynda bellenilip gelýän Magtymguly günleri ýatyrylyp, ol 27-nji iýuna, prezident G.Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat geçirilýän Medeniýet günlerine birikdirildi.
Eýsem dünýä türkmenleri bu ýagdaýa nähili baha berýärler we olar öz ýaşaýan ýerlerinde Magtymguly günlerini nähili belleýärler?
Gepleşigimiziň bu günki sanyny türkmenleriň milli şahyry we akyldary Magtumguly Pyragynyň doglan gününe gönükdirip, dünýä türkmenleriniň wekilleriniň Magtymguly günleriniň töweregindäki üýtgeşmeler baradaky pikir-garaýyşlaryny dykgatyňyza ýetirýäris.
Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky öz tejribeleriňizi we pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde galdyryp bilersiňiz.
https://www.azathabar.com/a/29238106.html

هیچ نظری موجود نیست: