۱۳۹۶ آذر ۳, جمعه

Gynanç haty

Ajy habary eşidip gynandyk  
Türkmensahraň woleýbal sportynyň çeper halypasy Aşyrtagan Nafei merhum bolupdyr.
Türkmen Halkynyň Medeni we Hak talab ediji aktivistiniň
Gynanç haty
Merhum Ashyrtagan Nafeini ir wagtdan, hasam yash yetginjenglik zaman'dan bäri tanayaryn. Ortamektep'de okan wagtym günbatar Türkmensahrada ökde we tanymal wolibalchylardan'di we türkmen hem beylekilering buysanjy'di. Hemmeler onung okybyndan (talantyndan) gürrüng edyärdi.
Uzyn zaman satashyp hem görüp gürrüngdesh bolip bilmesem'de onung shol wagtdaky keshbi mydan gözümyng önginde.
Magtymguly :
 Döwirler dolanar, gerdishler döner,   nicheler göcherler, nicheler gönar,
 nichäning mäshäli täze den yanar,      nichäning chyrasy, öchip baradyr.

  Yzy yarasyn! Galanlarynyng yashy uzyn bolsun!

Türkmen Halkynyng Medeni we Hak talab ediji aktivisti
Yusup Kor ,  23.11.2017
----------------------------------------------  
Ashak’da  Türkmen Kultur Ojagynyň Gynanç haty
Gynanç bildirýäris!
Türkmensahraň sport dünýäsiniň ýaşulusy we woleýballynyň çeper halypasy Hajy Aşyrtagan Nafeýi aradan çykdy.
Woleýball federationynyň gözegçisi bolan Hajy Aşyrtagan bütin 73 ýaşyny Türkmensahraň şeýle-de bütin ýurduň woleýballynyň ösmegine sarp etdi.
Iranyň woleýballynda türkmen türgenleriň uly orna eýedigi Hajy Aşyrtagan ýaly gahrymanlaryň ýadawsyz çeken zähmetleriniň hasylydyr.
Ýatan ýeri ýagty we ýoly ýörgünli bolsun!
Türkmen Kultur Ojagy
Köln, 23.11.2017 


هیچ نظری موجود نیست: