۱۳۸۹ آبان ۲۰, پنجشنبه

بوتین دونیأ (حالق آرا) علم لار گونی

یونسکو، UN نینگ علمی ومدنی اُرگانی، 10. نوامبر گونونی بوتین دونیأ علملار (علوم) گونی،

و نوامبر آیینگ 3. پنجشنبه گونونی ، بوتین دونیأ فلسفه (پئلسئپه) گونی بئلـلأپ جار ادیپ دیر.

BMG (UN)-niň ylym, bilim we medeniýet boýunça guramasy UNESCO 10- nji Now. gününi Bütindünýä Ylymlar güni, we 3- nji Penjshenbe gününi Bütindünýä Pelsepe güni belläp jar edipdir. Bu tema bile gyzyklan adamlara Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň internet saýtyna (http://www.science.gov.tm/tm/) girip görmegi, hem-de azazthabar.com saytynda yerleşdirlen Aşraf Muhammadi bile söhbetdeşligi okamagy teklip etyaris.

تورکمنستان علم لار آکادمیاسی نینگ اینترنت سایتی: http://www.science.gov.tm/tm/

Aşgabat ylymda, innowasiýada «özüni tanadýar»

* - alynan ýer: azazthabar.com , 10.11.2010

10-njy noýabrda Bütindünýä Ylymlar güni bellenilýär. Bu waka gabatlap BMG-niň ylym, bilim we medeniýet boýunça guramasy ýörite raport ýaýratdy. Azatlyk Radiosy şol raportyň awtorlaryndan biri, Özbegistanyň Ministrler Kabinetindäki ylmy we tehnologiýany koordinirleýän komitetetiniň bölüm müdiri, tehniki ylymlaryň doktory, professor Aşraf Muhammadiýew bilen bu raport barada ýörite söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Siz Bütindünýä Ýlymlar güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň ýaýradan raportynyň awtorlaryndan biri hökmünde şol raporta gatnaşyşyňyz barada gysgaça gürrüň beräýseňiz?
Aşraf Muhammadiýew: Meni ekspert hökmunde ÝUNESKO çagyryp, Merkezi Aziýada bilimiň we innowasiýanyň ýagdaýy barada makala ýazyp bermegimi haýyş etdiler. Sebäbi 2010-njy ýyl BMG-ä tarapyndan «Bilim we innowasiýa« ýyly diýlip yglan edildi. Şu ýagdaý bilen baglanyşykly her 7 ýylda bir gezek dünýa möçberinde ýörite hasabatlar kitaby çap edilýär. Menden Merkezi Aziýa barada analitik makala taýýarlamagymy soradylar.

Azatlyk Radiosy: Eýsem, siziň pikiriňizçe, Merkezi Aziýada ylmyň we innowasiýanyň derejesi nähili?
Aşraf Muhammadiýew: Merkezi aziýaly alymlaryň dünýä ylym-bilimine goşýan goşandy uly. Sebäbi Merkezi Aziýada bilim Sowet döwründe-de, ondan müň ýyl öňem ösendi. Muňa mysal edip, Ibn Sina, Beruni, Ulugbeg ýaly alymlaryň eden işlerini görkezmek bolar.

Merkezi Aziýa respublikalary garaşsyzlyga çykandan soň, her bir döwlet öz mümkinçiliklerine, ykdysady ýagdaýyna görä, ylmyň-tehnikanyň derejesini saklap galmaga we bar bolan mümkinçilikleri ösdürmäge çalyşýar.

Geçen ýyl Türkmenistanyň prezidenti ýörite karar bilen 12-nji iýun gününi Bilim güni diýip yglan etdi. Bu ugurda ýurtda uly halkara konferensiýasy geçirildi. Men hem şol konferensiýa gatnaşdym. Şonda men häzirki prezidentiň ylmy, bilimi ösdürmek ugrunda, meselem, innowasiýany ösdürmek, ýaşlary ylym-bilim almaga höweslendirmek ugrunda alyp barýan işleri bilen tanyşdym. Bu ugurda Türkmenistanda köp işler edilýär.

Azatlyk Radiosy: Siz bu raport üçin material taýýarlanyňyzda nähilidir bir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmadyňyzmy?
Aşraf Muhammadiýew: Türkmenistan we Gyrgyzystan boýunça maglumat toplanymda we olary analiz edenimde, belli bir kynçylyklara duş geldim. Men şonda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasyna ýüz tutdum. Olar maňa ýeterlik derejede maglumat bermediler. Olaryň beren maglumaty meniň göwnümden turmady.

Maglumat gözläp, Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň internet saýtyna hem girdim. Ondan hem zerur statistik maglumatlary alyp bilmedim. Şonuň üçin hem meniň makalamda Türkmenistan bilen baglanyşykly grafalar boş dur.

Ýurtda näçe ylymlaryň kandidatynyň, doktorlaryň, professorlaryň bardygy belli däl. Internet saýtynda bu hakda maglumat ýok. Bu hasabat Özbegistan, Täjigistan we Gazagystan boýunça doly berlen. Gyrgyzystan boýunça-da bölekleýin hem bolsa, bar. Emma Türkmenistanyň ýagdaýy şeýle.

Azatlyk Radiosy: Eýsem, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ylym we tehnologiýa innowasiýasyny ösdürmek üçin näme etmeli?
Aşraf Muhammadiýew: Birinjiden, ýaşlaryň ylma, bilime bolan höwesini artdyrmak üçin hökümet tarapyndan goldaw gerek. Ýaşlara maliýe tarapdan hem kömek bermeli. Maliýe kömegini beräýjek inwestorlara we kärhanalara belli bir derejede hökümet tarapyndan ýeňillikler berilmeli.

Mundan daşary, ýaşlara ösen döwletlerdäki ýaly döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün edilen okuw-tejribe şertlerini döretmeli. Olar diňe döwletdäki däl, eýse dünýa derejesindäki informasion resurslardan peýdalanmak mümkinçiliklerine eýe bolmaly. Orta we ýokary okuw jaýlarynda okuwçylar şeýle şertlerden peýdalanyp bilmeli. Şeýle-de, yzygiderli zehinli çagalaryň gözleginde bolmaly. Bäsleşikler, olimpiadalar geçirilmeli.

Azatlyk Radiosy: Aşraf Muhammadiýew, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň!
Aşraf Muhammadiýew: Sözümiň soňunda men ähli türkmenistanly raýatlary ýetip gelýän Gurbanlyk baýramy bilen gutlaýaryn. Olara berk jan-saglyk, ylym we tehnika innowasiýasyny ösdürmekde üstunlik arzuw edýärin!

http://www.azathabar.org/content/article/2216504.html

هیچ نظری موجود نیست: