۱۳۸۷ خرداد ۳۱, جمعه

Merhum Ch. Aytmat hakynda bir yatlama

gaynak: www.gunesh.org

AKYLLARYÑ HEM DUÝGULARYÑ SOLTANY
Çingiz Aýtmatowyñ ýagty ýadygärligine

Şol gezekki gürrüñçilikde meniñ bir hakykata gözüm ýetdi. Çingiz Aýtmatow türkmen klassyky edebiýatyna örän uly hormat goýýar eken. Onuñ 1983-nji ýylda Magtymgulynyñ 250 ýyllyk ýubileýine Aşagabada gelmegem şol sebäpden bolsa gerek. Çingiz Aýtmatow öz şol baýramçylykdaky çykyşynda Magtymguly, Şeýdaýy, Magrupy, Kemine, Mollanepes, Seýdi, Zelili ýaly şahyrlaryñ adyny tutup, olary ”Türkmen klassyky poeziýasynyñ Uly ýedigeni - diýip atlandyrdy. – Şahyrlaryñ şeýle ýagty ýyldyzlar toplumy şol döwürde töwerekdäki halklaryñ hiç birinde ýokdy” diýip, ol örän uly hormat bilen aýtdy.

Dünýä edebiýatynyñ klassygy, beýik gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow aradan çykdy. Bu diñe bir gyrgyz edebiýaty, halky üçin däl-de, eýse bütin adamzat medeniýeti üçin örän uly ýitgidir. Çünki Çingiz Aýtmatow diñe bir gyrgyz halkynyñ, gyrgyz edebiýatnyñ aladasy bilen ýaşamazdy, ol külli adamzadyñ aladasy bilen ýaşan, işlän, oýlanan we döreden adamdy.

Çingiz Aýtmatow ozalky SSSR-iñ iñ uly, iñ şöhratly ýazyjylarynyñ biri boldy. Ähli sowet okyjylary geçen asyryñ 60-70-80-90-njy ýyllarynda onuñ her bir täze eserine sabyrsyzlyk bilen garaşardylar. Sebäbi onuñ her bir täze eseri sowet halkyna ruhy täzelik getirerdi, sowet edebiýatyny täze bir belentlige götererdi, biziñ ýurdumyzda daşyna çyzyk çekilen söz azatlygynyñ gerimini azajygam bolsa giñelderdi.

Çingiz Aýtmatow öz döredijiligi bilen dünýä edebiýatyny-da göz-görtele baýlaşdyrdy. Onuñ eserleri dünýäniñ iñ uly dillerinde onlarça million ekzemplýar tiraj bilen çap edildi. Ýer togalagynda onuñ tanalmaýan, okalmaýan ýurdy ýok. Onuñ ady geçen asyryñ 60-njy ýyllaryndan bäri biziñ döwrümiziñ iñ beýik hem iñ kän okalýan ýazyjylarynyñ arasynda tutulyp gelinýär. Bu, elbetde, geljekde-de, hökman şeýle bolar.

Çingiz Aýtmatow entek dirikä dünýä edebiýatynyñ klassygy derejesine ýetdi. Bu dereje, elbetde, resmi däl, ýöne gadyr-gymmaty welin, munuñ üçin peselenok. Sebäbi bu derejäni ýazyja millionlarça okyjylar, galyberse-de professional edbiýaty öwrenijiler berdiler. Onuñ ”Jemile”, ”Ene toprak”, ”Al ýaglykly serwim”, ”Hoş gal, Gülsary!”, ”Ak gämi”, ”Deñziñ gyrasyny ýakalap ylgaýan ala köpek”, ”Asyrdan uzaga çeken gün” ýaly eserleri dünýä edebiýatynyñ altyn hazynasyna hemişelik girdi. Beýle uly bagt her bir ýazyja ýetdirenok.

Şwed Akademiýasynyñ Çingiz Aýtmatowyñ döredijiligini näme sebäpden Nobel baýragyna mynasyp görmänligi düşnüksiz. Döwrümiziñ iñ çuññur we original eserleri bilen ýüzbe-ýüz durup, olary ”görmedik” Nobel komiteti ýazyjynyñ döredijiligini däl-de, eýse, özüniñ häzirki zaman dünýä edebiýatynyñ hakyky gerimi bilen tanyşlygynyñ derejesini gümana goýdy.

Birnäçe onýyllygyñ dowamynda millionlarça okyjylaryñ akyllarynyñ hem duýgularynyñ soltany bolan Çingiz Aýtmatow indi biziñ aramyzda ýok, ýöne onuñ eserleriniñ adamzadyñ ruhy baýlygyna öwrülenligi hak. Ol öz ýiti ýazyjylyk zehini bilen gyrgyz topragyna, gyrgyz halkyna uly şöhrat getirdi. Ozalky SSSR-iñ halklarynyñ hemmesi-de, şol sanda türkmenler hem ony öz edebiýatynyñ uly wekili saýýar. Sebäbi onuñ eserleri ozalky sowet halklarynyñ hemmesiniñ-de ruhy baýlygyna öwrüldi.

***

Çingiz Aýtmatow bilen men birnäçe gezek duşuşdym, gürrüñdeş boldum. Ilkinji gezek onuñ bilen 1983-nji ýylyñ maýynda Aşgabatda Magtymgulynyñ 250 ýyllyk ýubileýi bilen baglanyşykly geçirilen poeziýa baýramçylygynda gürrüñdeş bolduk. Soñra Çingiz aga bilen biz 1994-nji ýylyñ tomsunda Moskwanyñ eteginde, Ýazyjylaryñ Peredelkinodaky Döredijilik öýünde duşuşdyk we 40 minut çemesi ikiçäk gürleşdik. Men halypa ýazyjyny Döredijilik öýünden tä öz daçasyna çenli ugratdym. Ýolda biz onuñ bilen edebiýat hem türki dilli respublikalarda SSSR ýykylansoñ emele gelen ýagdaýlar hakda pikir alyşdyk. Çingiz Aýtmatow biziñ halklarymyzyñ geljegi ýeñil bolmaz diýdi.

Men onuñ türkmen ýazyjylaryndan kimleri tanaýandygy, kimleriñ döredijiligi bilen tanyşdygy bilen gyzyklandym. Şonda ol Berdi Kerbabanyñ adyny tutdy, kompozitor Nury Halmämmedi uly hormat bilen ýatlady. Nurmyrat Saryhanowyñ ”Şükür bagşysy” beýik eser, onuñ esasynda döredilen film aýratyn şowly çykdy diýdi. Moskwada kän ýyl işlän Atajan Tagan diýmeseñ, döwürdeş türkmen ýazyjylaryndan başga tanşynyñ ýoklugyny aýtdy.

Bu meni azda-kände geñirgendirdi, şonuñ üçinem men onuñ adyny türkmen metbugatynda öz peýdasyna ýygydan tutýan bir ýazyjynyñ döredijiliginden habarynyñ barlygyny-ýoklugyny soradym. Ol çalaja ýylgyrdy: ”Onuñ meniñ bilen bir döwürräkde Moskwada Ýokary edebiýat kurslarynda okandygyny bilýän, başga ol hakda bilýän zadym ýok.”

Şol gezekki gürrüñçilikde meniñ bir hakykata gözüm ýetdi. Çingiz Aýtmatow türkmen klassyky edebiýatyna örän uly hormat goýýar eken. Onuñ 1983-nji ýylda Magtymgulynyñ 250 ýyllyk ýubileýine Aşagabada gelmegem şol sebäpden bolsa gerek. Çingiz Aýtmatow öz şol baýramçylykdaky çykyşynda Magtymguly, Şeýdaýy, Magrupy, Kemine, Mollanepes, Seýdi, Zelili ýaly şahyrlaryñ adyny tutup, olary ”Türkmen klassyky poeziýasynyñ Uly ýedigeni - diýip atlandyrdy. – Şahyrlaryñ şeýle ýagty ýyldyzlar toplumy şol döwürde töwerekdäki halklaryñ hiç birinde ýokdy” diýip, ol örän uly hormat bilen aýtdy.

Beýik ýazyjynyñ bu gyzyla gaplaýmaly sözlerini men şol wagt telejurnalist hökmünde öz bloknodyma ýazyp aldym we soñra bu sitatany Türkmen telewideniýesiniñ Edebi-drama gepleşikleri redaksiýasy üçin taýynlan gepleşigimde ulandym. Ýöne, gynansagam, dünýä edebiýatynyñ klassygynyñ türkmen klassyky poeziýasynyñ uly wekilleri dogruda aýdan bu gymmatly tassyklamasy türkmen edebiýaty öwreniş ylmyna häzirlikçe girenok.

Çingiz Aýtmatow bilen soñky gezek biz 2005-nji ýylyñ ýazynda telefonda birnäçe gezek gürleşdik. Ol wagt ýazyjy Belgiýanyñ paýtagty Brusselde baş ilçi wezipesinde işleýärdi. Meniñ ”Kepjebaş” romanym Stockholmda rus dilinde çap edilensoñ, ol kitapdan halypa ýazyja sowgat ibermekçi boldum. Bu meselede professor Ýusup Azmun bilen geñeşdim, sebäbi Ýusup Azmun Çingiz Aýtmatowy menden has gowy tanaýardy, olaryñ arasynda dostlukly gatnaşyk bardy. Ýusup Azmun meniñ pikirimi goldady we netijede men 2005-nji ýylda Beniluks ýurtlarynda we Fransiýada Gyrgyzystanyñ ilçisi bolup işleýän ýazyjyny täzeden gözläp tapdym. Oña özümiñ kimdigimi tanatdym, Peredelkinodaky duşuşygymyzy ýatlatdym. Bu duşuşygyñ onuñ ýadynda galandygyny bilip, men gaty begendim. Sebäbi hut şol hem biziñ gürrüñdeşligimize täzeden ýol açdy.

Çingiz aga meniñ ýagdaýlarymy soraşdyrdy. Daşary ýurtda emigrasiýada ýaşamagyñ kynçylyklary bilen gyzyklandy. ”Kepjebaşy” hökman iber, men okamaga wagt tapjak bolaryn” diýdi. Men halypa ýazyja romandan iki sanysyny iberdim. Emma, haýp, ol kitaplar adres nätakyklygy zerarly ilçihana baryp gowuşmady. Men muny birnäçe wagtdan soñ Çingiz aga bilen jañlaşanymyzda bilip galdym. Ol şonda: ”Zyýany ýok, sen romany elektron görnüşde meniñ e-mail adresime iber, men ony printerden çykardyp, okaryn diýdi”. ”Kepjebaşyñ” rusçasyny Çingiz Aýtmatowa soñra internetiñ üsti bilen ýollasam-da, halypa ýazyjynyñ roman bilen tanşyp ýetişendigini ýa-da ýetişmändigini bilmän galdym. Sebäbi şondan soñ az wagtdan Gyrgyzystanda ”reñkli rewolýusiýa” başlandy. Askar Akaýewiñ hökümetinde ogly Daşary işler ministri, özi-de ilçi bolup işleýän ýazyjynyñ ykbalyna bu özgerişiñ täsiriniñ ýetjekdigi bellidi. Her halda ýazyjy özüniñ-de, oglunyñ-da wezipesini gorajak bolup durman, gyrgyz halkynyñ geljeginiñ tarapynda durup çykyş etdi.

Şondan soñ işi başyndan agdyk halypa ýazyjy bilen biziñ aragatnaşygymyz uzak wagtlyk üzüldi. Brusselde ýa-da Stockholmda duşuşmak hakdaky niýetimiz hem bitmän galdy.

Çingiz Aýtmatow şu ýylyñ maý aýynda öz romany boýunça film surata düşürilýän wagty Tatarystana baranda näsaglady. Birnäçe günden soñ hem ýagdaýy agyrlaşyp, Germaniýa göterildi. Tä ajy habar gelýänçä beýik ýazyjynyñ millionlarça okyjylary umytda bolup, garaşdylar, oña saglyk dilediler. Emma dünýä edebiýatynyñ klassygy, beýik gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow 2008-nji ýylyñ 10-njy iýunynda 79 ýaşynyñ içinde aradan çykdy.

Bu örän uly ýitgi. Çingiz Aýtmatow diñe bir beýik ýazyjy däldi, ol beýik adamdy, ynsaply hem arassa niýetli, örän salykatly şahsyýetdi. Onda tüýs türkmeniñ göwnünden turýan, türkmene mynasyp çuññur agraslyk, pähim-paýhas bardy.

Bu agraslyk onda çagalykda, maşgalasynyñ başyna düşen agyr günlerde kemala gelipdir diýýärler. Belki, şeýledir. Sebäbi Çingiziñ kakasy Staliniñ tutha-tutlugynda, geçen asyryñ 30-njy ýyllarynda nähakdan tutulýar we atylýar. Belki şonuñ üçindir, ýazyjy stalinizmi, eden-etdiligi, adalatsyzlygy ýürekden ýigrenerdi. Onuñ iññän ussatlyk bilen döredilen eserlerinde ýazyjy adam häsiýetlerini uşakgöz elekden geçirýär, ýagşy bilen ýamany aýyl-saýyl edýär. Onuñ ähli eserlerinde Ýagşylyk bilen Ýamanlyk aldym-berdimli söweşe girip, her näçe kyn hem bolsa, ahyrsoñunda adalat ýeñiji bolup çykýar. Ýazyjynyñ döredijiligindäki bu üýtgewsiz konsepsiýa, megerem, onuñ oglan ýüreginde ozalbaşdan adalatsyzlykdan galan jebirden gelip çykýan bolsa gerek? Ol adalata mertlige, ynsaplylyga sarpa goýjardy hem bu gymmatlyklaryñ dönüklikden, ikiýüzlülikden, kezzaplykdan, ýaranjañlykdan üstün çykjakdygyna ynanýardy. Ýazyjynyñ bu çäksiz ynamy hem onuñ eserlerine geçýärdi.

Çingiz Aýtmatow hakyky söz ussadydy. Ol öz eserlerinde ýokary kämillige ymtylardy. Şol kämillige ýetmedim diýip hasaplasa, kitaby çap bolansoñam işi dowam etdirýärdi. ”Asyrdan uzaga çeken gün” atly romany bilen baglanyşykly muña men şaýat boldum. Ol meniñ öz eserlerini şwed diline geçiren terjimeçi Lars Erik Blomqvist bilen şahsy tanyşlygymyñ bardygyny bilensoñ, 2005-nji ýylyñ ýazynda şuny haýyş etdi: ”Oña menden salam gowşur. Goý, eger mümkin bolsa, romana soñra goşan ”Çingiz-hanyñ ak buludy” atly bölümimi şwed diline terjime edip, kitaby gaýtadan çykartjak bolsun. Sebäbi ol bölüm romanda hökman bolmaly diýip hasap edýän. Ol bölümi sowet döwründe kitaba goşup bilmedim, sebäbi ony senzuranyñ geçirjek gümany ýokdy.”

Men, elbetde, şwed terjimeçisine awtoryñ haýyşyny elin ýetirdim. Ol täze bölümi terjime etmäge taýyndygyny aýtdy, ýöne neşirýat bilen gürleşmegi ýazyjynyñ özüne galdyrdy. Soñra-da, başda aýdyşym ýaly, gyrgyz wakalary başlandy… Elbetde, dörediji adam gidende, onuñ yzynda soñlanmadyk eserleri hem soñlanmadyk işleri galýar. Ol işleri hormat bilen ýerine ýetirmek – dirileriñ borjy. Indi şwed dilinde-de, gyrgyzdyr-rus dillerinde-de, dünýäniñ beýleki dillerinde-de Çingiz Aýtmatowyñ kitaplarynyñ, onuñ baý edebi we ruhy mirasynyñ geljekki hormaty, ykbaly diñe şol dilleriñ, halklaryñ hem edebiýatlaryñ özlerine bagly.

Ak Welsapar, ýazyjy, Şwed ýazyjylar guramasynyñ hem Ýazyjylaryñ Halkara Pen-klubynyñ hormatly agzasy,
Stockholm, 2008-06-18

هیچ نظری موجود نیست: