۱۳۸۷ تیر ۷, جمعه

نشه کشلیک بلاسینا قارشی گؤرشه قوشولینگ

26 – نجی یونی ، " نشه کشلیگه قارشی حالق آرا گؤرئـش گونی"


بیز هممه لری نشه کشلیک بئلاسینه قارشی حالق آرا گؤرش ده ، آکتیو بولماغا چاغیریاریس !


تورکمن مدنی آرکالاشـما اُجاغی

2008-06-26

---------------------------------------------------------------

26-nji iýunda bütin dünýäde neşekeşlige garşy göreş güni bellenilýär.

*- منبع: نشریه ی الکترونیکی کانون فرهنگی – سیاسی خلق ترکمن ایران kanoon6.blogspot.com

Bu günüñ bellenmegi bilen, adamlaryñ ünsi neşekeşligiñ özi bilen getirýän ýowuz dertlerine çekilýär. Bu ýaramaz keselden yaş ýetginjekleri saklamagyñ ýollary barada gurruñ edilýär. Neşekeşlige garşy göreşde ulanylýan usullar hakda maglumat berilýär.

Dünýäniň ösen ýurtlarda neşekeşlige garşy göreşe köp üns berilýär. Oňa köp pul serişdesi goýberilýär. Neşekeşlige baş uranlaryñ sany barada, bu keseliñ haýsy ýaşa we haýsy sosiýal gatlaga mahsusdygy dogrusynda maglumatlar ýygnalyp, analiz edilýär. Neşekeşleriñ neşaniñ haýsy görnüşini has köp ulanýandyklary, şol neşäni nädip tapýandyklary öwrenilýär. Şeýle-de ösen we ösýän ýurtlaryñ köpüsinde gije-gündiz işleýän telefon liniýalary ýola goýlan. Şol telefonlara mugtyna jañ edip, neşekeş spesiýalistyñ konsultasiýasyny alyp bilýär.

Häzirki döwürde, dünýäde, SPID kelseline duçar bolanlaryñ ýarysyna golaýynyñ neşekeşdigii anyklandy. Amerşkada ýýlda, neşe maddalaryny alkogolly içgiler bilen garyp ulanandygy zerarly 120 müñe golaý adam dünýäsinii täzeleýär.

Ýöne neşekeşlige garşy göreşiñ esasy usuly hökmünde, neşe maddalarynyñ söwdasy bilen meşgullanýan adamlara garşy, berk jezalaryñ ulanylmagy bolup durýar. Käbir ýurtlarda neşe maddalary bilen tutulan adamlar ölüm jezasyna ýa-da ömürlik türme tussaglygyna hem höküm edilýär. Beýleki ýurtlarda ilkinji gezek neşe maddalary bilen tutulan adam 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilýär. Ýöne bu jenaýata ýene 2-nji gezek baş uranlar ömürlik türme tussaglygyna höküm edilýär.

Eýsem Türkmenistanda ýagadaý nähili? Saglyk ýoluna çykyp, iki ýana ýöremekden ýa-da dürli konferensiýalary geçirmekden başga, ýurtda giñden ýaran bu agyr kesele garşy gönükdirilen ýörite programmalar barmy, neşekeşligiñ ziýany barada propaganda ýöredilýärmi? Ýurtda neşekeşleriñ sany, olaryñ ýaşy, neşäniñ haýsy görnüşlerini ulanýandyklary hakda takyk maglumat ýygnalýarmy?

Neşe maddalaryny ulanyp başlan adamda nähili alamatlar peýda bolýar, Neşekeşlikden saplanyp bolýarmy, onuñ üçin näme etmeli, dogan, garyndaşlary näsaga bu meselede nädip kömek edip biler diýen soraglar, meseläniň çözgüdine derkar bolup biler.
Neşe ulanýan ýaşlarda köplenç sussy peslik peýda bolýär, fiziki taýdan ýetginjegiñ özuüni gowşak duýup başlaýr, öñ howes bilen meşgullanýan işlerine sowuk-sala çemeleşýär. Ene atalar hemişe öz çagalarynyñ ýagadaýna üns bermeli.

Ýagdaý Günorta Türkmenistanda diýseň agyr, sebäbi ol ýerde ne neşe söwdasyny edýäne garşy berk çäre görülýär, ne-de bejeriş usul ýeterlik. Ol ýerde maslahat berýän doktor ýa-da konsultanat ýok. Beýle ýagdaý biziň ýaşlarymyzyň aglabasynyň bu kesele duwçar bolup, bir topar maşgala ojagynyň ýkylmagyna, dürli sosiýal we ykdysady betbagtçylyklara alyp gelýär.

Biz ýaş ýetgençiklerimizi bu bela-beterden daşda durmaga çagyrmak bilen Tahran režiminiň neşe söwdasyny edýänlere garşy berek çäre görmegini talap edýärisç

Türkmen Halkynyñ Medeni- Syýasy Ojagy
26.06.2008

هیچ نظری موجود نیست: