۱۳۸۹ خرداد ۲۹, شنبه

تورکمنلر ایراندا جمهوریت دؤردیپدیرلر

Türkmenler Eýranda Jumhuryýet döredipdiler

*- Qaynaq: azathabar.com , 20.06.2010

86 ýyl mundan ozal, 1924-nji ýylyň maý aýynda eýranly türkmenleriň ýaşaýan ýeri Türkmensährada Jumhuryýet düzgüni yglan edilýär. Bu düzgün ýaşulularyň we ahunlaryň maslahaty bilen Omçalda döredilen geňeş tarapyndan jar edilýär.

Taryhy çeşmelere görä, bu geňeşe ýaşululardan Hojanyýaz han, Göki sopy, Janmät han we ahunlardan Welijan ahun, Rejep ahun we Osman ahun dagylar gatnaşýar.

Geňeşin agzalary öz aralarynda Osman ahuny Jumhuryýetiň başlygy edip saýlaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen Sesi” programmasynda Türkmenistanyň Türkmen diasporasy bilen gatnaşyklaryny ösdürmek üçin nämeleriň edilmegi barasynda hem gürrüň edilýär.

Fayl : http://www.azathabar.org/content/article/2076806.html

-------------------------------------------------------------------------

هیچ نظری موجود نیست: