۱۳۸۸ فروردین ۱۷, دوشنبه

medeni Info


Türkmen ýaýlasy festiwaly
Dünýäniń çar tarapynda ýasaýan türkmenleriń wekilleri duşuşdy

Türkmenistan, dünýäniń çar tarapynda ýasaýan türkmenleriń wekillerini duşuşdyrdy.
Türkmen maşgalalarynyń gatnaşmagynda türkmen ýaýlasy atly festiwal, düýn paýtagt Aşgabadyń golaýynda başlady.
Festiwalda, Türkmenistanyń Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyń gutlag ýüzlenmesi okaldy.
Şol bir wagtda, Dünýä Türkmenleriniń Gumanitar Birleşiginiń başlygy bolan Berdimuhamedow, 5 müń ýyllyk geçmişi bolan türkmen medeniýetiniń we taryhynyń, dünýä tanadylmagyny maksat edinýändiklerini nygtady.
Festiwalda, Türkiýä, Kyrykkaleniń Karakeçili sebitinden giden türkmen maşgalalar wekilçilik edýär.
Türkiýeli, Owganystanly, Täjigistanly, Eýranly, Özbegistanly we Türkmenistanly türkmen maşgalalar, festiwalyń çäginde hepdäniń ahyryna çenli türkmen obasyndaky çadyrlarda ýasar.
*- trt.Turkmen.com INT sahypasy

هیچ نظری موجود نیست: