"Türkmenler öz gazyny eýeläp başlady"
*- azathabar.com web sahypadan alyndy. 21.12.2009
14-nji dekabrda uzaklygy 7 müň kilometr çemesi bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirjisiniň açylyş dabarasy boldy. Ol geçirijiden geljekde her ýylda 40 milliard kubometre çenli gaz iberiler. Synçylaryň aýtmagyna göra, bu Türkmenistanyň energetika garaşsyzlygyna ýardam berer.
Günbatarly synçylar, şol sanda Jeams Town, Fondation edarasynyň eksperti Wladimir Sokoryň sözlerine görä, täze gurlan gazgeçiriji türkmenleriň bähbidine. Olar indi öz gazlaryna eýeçilik edip başladylar.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi Jeams Town Fondation edarasynyň eksperti Wladimir Sokor bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Jenap Sokor, Türkmenistan-Hytaý gaz turbageçirijisiniñ işe girizilmegine nähili baha berýärsiňiz?
Wladimir Sokor: Türkmenistan üçin bu örän gowy waka. Sebäbi bu Türkmenistany Orsýete baglylykdan halas eder. Orsýetiň Türkmenistandan alýan gazynyň mukdary täze ýyldan soň kemeler. Türkmenistanda öndürilýän gazda Orsýetiň paýy azalar. Ýöne şu wagta çenli Orsýetiň we Hytaýyň türkmen gazy üçin töleýän bahasy barada anyk maglumat berilmän gelýär. Türkmenistan-Orsýet gazgeçirijisi partlansoň, Kreml türkmen gazyna täze baha kesmek isleýärdi. Orsýetiň teklibini türkmen tarapy kabul etmedi. Muňa garamazdan, prezident Medwedew hem-de „Gazpromyň“ başlygy Alekseý Miller birnäçe gezek Aşgabada baryp, türkmen prezidenti bilen gaz barada gepleşik geçirdiler.
Azatlyk Radiosy: Şunlykda indi Türkmenistan öz gazyny eksport etmekde garaşsyz boldy diýmek mümkinmi?
Wladimir Sokor: Türkmenistan nebit-gaz baýlyklaryny eksport etmekde garaşsyz bolmaga uly ädimleri ädýär. Türkmenistan-Hytaý gazgeçirjisi „Gazproma“ uly urgy boldy. Türkmenler indi öz gazyna eýe çykyp başladylar. Ozal Türkmenistan „Gazpromyñ“, ýagny Orsýetiň monopoliýasyndady. Monopoliýa - bu bir döwletiň beýleki bir döwletiň eksportyny doly kontrol astyna almagy diýmekdir. Şu wagta çenli Türkmenistan „Gazpromyň“ doly kontrollygyndady.
Häzirki dörän ýagdaý muny duýbünden üýtgedýär. Indi welin, Orsýetiň monopoliýasy Türkmenistanda gutardy diýmek mümkin.
Azatlyk Radiosy: Siz mundan owal Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýuňyzda Hytaý Türkmenistandan uzakda ýerleşýär. Bu proýekt maliýe taýdan hytaýlylar üçin peýdasyz. Galyberse-de, Hytaýda ösen tehnologiýa ýok diýipdiňiz. Häzir bolsa başga pikirleri aýdýarsyñyz. Näme üçin?
Wladimir Sokor: Menem, käbir beýleki günbatarly ekspertlerem şeýle ägirt uly ykdysady öňegidişlige garaşmaýardyk. Belli bolşuna görä, Hytaý döwlet monopoliýasy hökmünde energiýa pudagynda hususy gunbatarly energiýa konsernlerinden güýçli çykdy. Hytaýyň daşary syýasaty onuň syýasy bähbitlerinden däl-de, eýse onuň strategiki hem-de möhüm ykdysady planlaryndan ugur alýar.
Ekspertler Hytaýyň bu syýastyna indi düşünýärler. Şunlukda Hytaý nebit-gaz pudagynda Günbatar we Orsýet bilen deňeşdirilende sebitde hem de Türkmenistanda aktiw iş alyp barýar. Berdimuhamedow soňky döwürde Günbatara hem-de Hytaýa gaz satmagy maksat edindi. Ýöne muňa esasy itergi „Gazpromyň“ türkmen gazyna birtaraplaýyn baha kesmegi we 10-njy apreldäki partlama boldy. Men şol wagtlar ýazan makalalarymda „Gazprom“ Türkmenistana monopoliýasyny ýitirýär diýipdim.
Azatlyk Radiosy: Hytaý Ýölötendäki gaz ýatagy ösdürmek üçin 4 milliard dollar maýa ýatyrjakdygyny hem yglan etdi. Siziň aýtmagyňyza görä geljekde Hytaý Türkmenistanda Günbatardan hem-de Orsýetden has-da guýçlener. Siz geljekde Hytaýyň Türkmenistandaky roluna nähili baha berýärsiňiz?
Wladimir Sokor: Geljekde Türkmenistanda Hytaýyñ Orsýetiñ hem-de Günbataryñ arasyndaky bäsdeşlik hasam öser. Men Ýene-de birnäçe ýyldan Hytaýyñ täsiri Türkmenistanda birinji orunda, Orsýetiñki ikinji ýerde we Günbataryñky 3-nji ýerde bolar diýip, pikir edýärin. 90-njy ýyllarda „Transkaspiý“ proýekti amala aşmady. Günbatar 2005-nji ýylda Türkmenistany izolýasiýada saklamak syýasatyny öňe sürüpdi. Netijede Türkmenistanda Orsýetiň roly güýçlendi. Indi bolsa Günbatar Hytaýdan has yza galdy. Bu Orsýet hem-de Günbatar üçin ýaramaz ýagdaý we Hytaý üçin uly ýeňiş. Häzirki dörän ýagdaý türkmenler üçin has peýdaly we gowy.
-----------------------------------------------------
هیچ نظری موجود نیست:
ارسال یک نظر