Türkmenistaning Gazy Awropa akarmy?
Ekspert: “ÝB islese, Transhazar gurlar”
(اکسپرت : آوروپا اتحادیه سی ایسلسه خزر آرکالی آکار)
Türkmenistanyň baýlygyna dünýä derejesinde-de, regionda-da uly gyzyklanma bar
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýewraziýanyň energiýa serişdeleri boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar ýakynda Türkmenistana sapar etdi.
Amerikan wekili 2-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan
Käbir ýewropaly synçylarynyň aýtmagyna görä, Morningstaryň bu sapary Günbatarda türkmen gazyna dörän täze gyzyklanma bilen baglydyr, sebäbi soňky döwürlerde Transhazar gaz proýekti hakda Ýewropada hem täze seslenmeler peýda bolup başlady.
Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu aktual mesele bilen gyzyklanyp, düýbi Berlinde ýerleşýän Germaniýanyň Daşary gatnaşyklar baradaky geňeşiniň energiýa meseleleri boýunça eksperti Dr.Ştefan Meýister bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýewraziýa energiýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstaryň ýakynda Türkmenistana
Dr.Ştefan Meýister: Meniň pikirimçe, Türkmenistan, hazarýaka ýurtlar göz öňünde tutulanda, energiýa boýunça esasylaryndan biridir. Türkmenistanyň baýlygyna dünýä derejesinde-de, regionda-da uly gyzyklanma bar.
Morningstaryň Aşgabada edýän saparlary barada gürrüň edilende, onuň hem esasy maksady Türkmenistanyň energiýa baýlygy bilen bagly. Sebäbi Morningstar Transhazar gaz proýektine uly goldaw berýän ýolbaşçylardan biri. Hatda ol bu proýektiň amala aşyrylmagyna käbir ýewropaly wekillerden hem köp goldaw berip gelýär.
ABŞ Türkmenistan bilen özara gatnaşyklarynyň barha güýçlenmegi, Transhazar gaz proýketiniň amala aşyrylmagy hem-de Aşgabadyň Baku bilen gatnaşygynyň gowulanmagy üçin tagallalaryny dowam etdirmek isleýär.
Şol bir wagtyň özünde-de Morningstaryň bu saparynyň beýleki bir maksady – ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň Orsýet bilen gatnaşygynyň gowulanandygyna garamazdan, Hazaryň ýerasty baýlygy bilen Waşingtonyň gyzyklanmagyny dowam etdirýänligini aýan etmekden ybaratdyr.
هیچ نظری موجود نیست:
ارسال یک نظر