2100-nji ýyla çenli 3500 dil hemişelik ýiter
تا سال 2100 (درطول 90 سال آینده) 3500 زبان برای همیشه از بین می رود
19.02.2010 , azathabar.com
Ket dili diňe Sibiriň merkezinde ýerleşýän birnäçe obada ulanylýar. Emma muňa garamazdan, beýleki ähli diller ýaly ket hem gaty özboluşly dildir.
Synçylaryň aýtmagyna görä, ol grammatikasy we söz düzümi boýunça iň çylşyrymly dillerden biridir. Şeýle-de bu dil ketler bilen olaryň geçmişiniň we medeniýetiniň arasynda köpri roluny hem berjaý edýär. Onsoň bu diliň ýitmegi bir milletiň ýitmegini aňladýar.
Ketleriň Amerikada ýerleşýän gyzyl derililerden “Nawajo” atly etniki topar bilen daşky garyndaşdygyny aýdýanlar hem bar. Eger bu pikir dogry bolsa, bu hem gadymdan adamlaryň buz köprüsini ulanyp, Aziýadan Amerika geçenligi baradaky teoriýanyň esaslydygyny aňladar.
Eger ket diliniň Orsýetiň territoriýasynyň gündogar çetinden müňlerçe kilometer içgin ýerleşýänligi göz öňünde tutulsa, immigrasiýanyň göwrüminiň biziň çak edişimizden has uly bolmagynyň mümkindigi baradaky pikiriň hem esasynyň bardygyny aýtsa bolar.
Şeýle sebäplere görä, dilçiler globallaşan häzirki döwürde ket ýaly diliň gözümiziň öňünde ýitip barmagyna alada bildirýärler.
“National Geographic” atly jemgyýetiň maglumatyna görä, her 14 günde bir dil ýok bolup, ýitip gidýär. Netijede 2100-nji ýyla çenli 3500 töweregi diliň üstüne ýitmek howpy abanýar. Bu hem häzirki döwürde ýaşaýan dilleriň ýarysynyň ýok bolup gitjekdigini aňladýar.
Bu mesele bilen bagly köp dilli milletleriň ýerleşýän ýurtlary, meselem, täze Geyni, Kawkaz we Sibir ýaly regionlara abanýan howpuň has uludygy aýdylýar.
Ýitmek howpundan halas etmek kynmy?
Azlykdaky halklaryň ulanýan dilleriniň ýitip barýan häzirki döwründe sanlyja dilçiler şol dilleri dokumentleşdirmäge, eger mümkin bolsa, olary ýitmek howpundan halas etmäge synanyşýarlar. Emma düýbi Beýik Britaniýada ýerleşýän Kembridj Uniwersitetiniň Bütin dünýä dilleri boýunça edebiýat bölüminiň ýolbaşçysy Mark Turinyň aýtmagyna görä, bu işi amala aşyrmak gaty kyn.
“Tutuş dünyä boýunça näçe diliň ulanylýanlygy baradaky maglumat gaty çäkli, ýagny biziň bolup bilse, şol dilleriň 5-10 prosenti barada maglumatymyz bar” diýip, britaniýaly alym nygtaýar.
Onuň aýtmagyna görä, takyk we dogruçyl dokumentleşdirilen we audio ýazgylar bilen anyklanan dilleriň sany hasam az. Esasy mesele, dünýäde ulanylýan dilleriň diňe bäş prosentiniň dokumenleşdirilip, galan 95 prosenti barada hiç hili maglumatyň bolmazlygydyr.
Umuman aýdylanda, haýsydyr bir dilde gürleýänleriň sany azaldykça, şol dil barada maglumat hem azalýar. Şonuň üçin häzirki döwürde tutuş dünýä boýunça 28 dil howp astyndadyr.
Meselem, Owganystanda ýerleşýän we “Tirahi” dili diýlip atlandyrylýan dili ulanýanlaryň sany diňe 100 adam töweregidir. Ermenistanda ýerleşýän we “Lomawren” diýlip atlandyrylýan dilde gürleşýänleriň sanynyň 50 adamdan-da azdygy aýdylýar.
---------------------------------------------------------------------------------------------------
هیچ نظری موجود نیست:
ارسال یک نظر