۱۳۸۸ مرداد ۹, جمعه

Garagum çölünde täze köl

Garagumda “Altyn Asyr” türkmen köli açyldy

“Deňi-taýy bolmadyk türkmen kölüniň esasy aýratynlygynyň onuň özgerdiji we dörediji häsiýeti bolup durýandygyny” Türkmen Döwlet Habarlar gullugy öz maglumatynda belleýär.

Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň ortasynda ýerleşýän Garaşor tebygy çöketliginde ýerleşýän türkmen kölüne ýylda 10 millarda çenli mukdarda zeý suwlarynyň akdyryljakdygy we onuň ähli regionlaryň ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyryp, ýeriň şorlanmagy we guramagy ýaly ençeme problemalary çözmäge ýardam berjekdigi maglumatda aýdylýar.

Türkmen kolüniň açylmagynyň Türkmenistanyň “Täze Galkynyş Eýýäminiň” taryhyna iň ajaýyp wakalaryň biri hökmünde girjegi hem türkmen metbugatynda aýratyn nygtaldy.

“Altyn Asyr” kölüniň açylmagynyň hususan-da türkmen ýaşlarynyň arasynda gidromeliorasiýa kärine gyzyklanamany artdyranlygy hem habar berildi. Türkmenistan Altyn Asyr Internet neşri, ýurduň Oba hojalyk uniwersitetinde şu ýyl gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy boýunça ugurlara iň köp gyzyklanma bildirilmegini türkmen kölüniň birinji nobatynyň açylmagy bilen baglaşdyrdy.

Öz nobatynda synçylar, türkmen kölüniň gurluşygynyň dogrudan hem öň görülip eşidilmedik wakadygy bilen ylalaşýarlar. Emma onuň ýurduň we regionyň ekologiýasyna diňe oňyn netije berjekdigine şübheli garaýarlar.

Gapma-garşy pikirler:Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowa häzirki wagtda türkmen köli barada bir-birine gapma-garşy pikirleriň bardygyny belledi. “Iki sany gapma-garşy pikir bar. Bir tarapdan Merkezi Aziýada ekin meýdanlaryny suwarmakda ulanylýan usullar netijesinde emele gelýän zeý suwlary bir ýere toplamak peýdaly netije berer diýen pikirler orta atylýar. Başga bir tarapdan şeýle suwlaryň çölüň içinde bir ýere jemlenmegi uly giňişligiň şorlanmagyna we ekologiki betbagytçylyga getirmegi mümkin diýen pikirler hem bar. Şol pikirleriň nä derejede hakykata gabat gelýändigini anyklamak kyn. Emma zeý suwlaryň bir ýere jemlenmeginiň abadançylyga getirjekdigini aýtmak kyn.”

Sanobar Şermatowanyň sözlerine görä, bu meseledäki kesgitsizlige Türkmenistanyň ýapyklygy we proýektiň diňe pozitiw taraplary barada maglumat berilmegi sebäp bolýar. Proýektiň ýetirjek täsirine baha bermek üçin regional derejede bilelikdäki iş alnyp barylmaly diýip, Sanobar Şermatowa hasap edýär. Bilermen häzirki wagtda regionyň hat-da suw üpjünçiligi meselesinde-de döwletler arasynda sazlaşykly iş alnyp barylmaýanlygyny belläp geçdi.

Şol bir wagtda-da çölüň ortasynda emeli köluň gurulmagy, Türkmenistanyň hökümetiniň uly ambisiýalaryna garamazdan uly ýalňyşlyk diýen pikirler hem öňe sürülýär.

Mother Nature Network Internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatda, bir ýere jemlenen uly mukdardaky zeý suwlarynyň buga öwrülip, zäherli hapa suwlar howdany bolup galmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. Merkezi Aziýada amala aşyrlan ozalky proýektleriň betbagytçylykly netijeleriniň mysaly hökmünde, suw giňişliginiň 80 prosentini ýitiren Aral deňziniň problemasy görkezilýär.

Türkmenistanyň ozalky Suw hojalyk ministri Aleksandr Dodonow, Azat Ýewropa we Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikleriniň birinde, zeý suwlaryny ekin meýdanlaryndan ýygnamak meselesiniň Türkmenistan üçin zerur we aktual meseleleriň biri bolup durýandygyny belläpdi.

Dodonowyň sözlerine görä, “Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe durmuşa geçirlip başlan bu proýekt 25 ýyl mundan ozal işlenip düzüldi.” Emma suw pudagynyň maliýe üpjünçiligine ýeterlik serişde goýberilmeýän wagty iri we gymmatbaha proýektiň durmuşa geçirilmegini, Aleksandr Dodonow türkmen häkimiýetleriniň köpçüligiň ünsüni ýurtdaky beýleki meselelerden sowmak diýip atlandyrdy.

“Bu proýekt gerek, emma ol beýleki zerur çärelere zyýan ýetirip, ähli maliýe serişdeleriniň türkmen deňzine ýollanmagy arkaly amala aşayrylmaly däl” diýip, Türkmenistanyň oňki Suw hojalyk ministri Dodonow nygtady. % *-qaynaq:azathabar.com, 22.07.2009 , Gözel Hudaýberdiýewa

----------------------------------------------------------------------

هیچ نظری موجود نیست: