۱۳۸۸ اسفند ۱۸, سه‌شنبه

"پروسترویکای" ترکمنی به حمایت مردم محتاج است

تورکمن "پروسترویکاسی" (اویتگه دیپ قورماسی) حالقینگ قولداوینا مأتأچ

Türkmen “perestroýkasy” halkyň goldawyna mätäç

Aleksandr Narodetski , 08.03.2010, *-azathabar.com

Türkmenistanda häkimiýet, has takygy prezidentiň özi, özgerişler üçin şu wagta çenli aktiwlik görkezmäge aýgyt edip bilmedik ýönekeý adamlaryň goldawyna mätäç.

Başlyklaryň özi, dolandyryjy topar türkmen jemgyýetinde esasy öwrülişikleri amala aşyrar diýilse, ol reformalary durmuşa ornaşdyrmagy töwekgellige salar. Aşakdan inisiatiwa bolmazdan, reformalar başa bararmy?
Şu günki gün dymmak, özgerişleriň, öwrülişikleriň özi geler diýip garaşmak - bu planlary, ideýalary öz akymyna goýbermekdir, gorky ysmazlygyndan jemgyýeti halas etmegiň ähtimallygyny peseltmekdir.
Häzir S.Nyýazow döwründäki adamlaryň depesinde pelesaň urýan howp ýok. Şol döwürde welin, islendik aktiwlik şirin janyňdan el üzdüribem bilýärdi.
Bu gün prezidentiň özi adamlara oppozision hereketde özüňi synap görmegi teklip edýär. Ýurda häzir dünýä jemgyýetçiligi üns bilen syn edýär.
Türkmenistanyň içki durmuşyny Adam hukuklaryny goramak boýunça halkara standartlaryna golaý getirmek üçin edilen islendik hereket goldaw tapar. Şol inisiatiwalary Aşgabatda öz işini giňeldýän ÝHHG ýaly täsirli halkara guramalar alyp göterýärler.
ÝHHG-niň delegasiýasy Aşgabatda bolanda, onuň çözen baş meselesi - türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak boýunça reformalary amala aşyrmak boldy. Mesele Mejlisde, DIM-de hem Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary institutynda maslahatlaşyldy. Başgaça aýdylanda, bu tema türkmen durmuşynda gündelik meselä öwrüldi.
Milli howpsuzlyk

Bu ýagdaýa şu wagta çenli köp nesillerde gorky döredip gelen Milli howpsuzlyk ministrliginde-de öwrenişip ugradylar gerek. Indi bu edarada gorkman, ýumruk çenemän, adam hukuklary baradaky sözleri kabul edýärler. Postsowet giňişliginde bu edara-da özgermeli.
Mysal üçin, Ukrainada soňky ýyllar Howpsuzlyk gullugyndan ähli repressiw funksiýalar aýryldy. Ol indi diňe döwleti goramagyň strategik meseleleri bilen meşgullanýar. Syýasy äheňler bilen adamlary yzarlamak bu ýurtda ýatyryldy.
G.Berdimuhamedowyň Howpsuzlyk sowetiniň soňky maslahatynda eden çykyşyndan çen tutulsa, Türkmenistan öz sistemasyny özgertmeli, onuň repressiw häsiýetinden ara açmaly. Şoňa görä liberallaşmanyň aşakdan çykýan inisiatiwa esaslanmagy häkimiýetler üçin örän möhüm.
Ýaşlara bil baglamak möhüm
Hemmeler bilen hyzmatdaşlygy nazarlaýan çynlakaý konstruktiw inisiatiwa jemgyýetde has uly, köpçülikleýin gyzyklanma döreder. Ol köküni çuňdan uran gorkyny gysyp çykarar. Ol halk parasatyny, pähim-paýhasyny ulanmaga mümkinçilik berer, “Döwlet adam üçindir” diýen şygary has janlandyrmagyň hakykatdan-da mümkindigini duýmaga häkimiýetleriň özüne itergi berer.
Bu işlerde ýaşlara - studentlere, ýaňy işe başlan telekeçilere, lukmanlara, mugallymlara, inženerlere, agronomlara, gepiň gysgasy, jemgyýetiň iş başyndaky, hereketdäki ýaşlar bölegine, olaryň etjek tekliplerine bil baglamak möhüm.
Häzir wezipede oturan dolandyryjylar däl-de, hut ýaňky sanalanlar türkmen perestroýkasyna, türkmen üýtgedip gurmasyna itergi berer. Gadymy akyldarlaryň “Hökümdaryň aýagyna ýykylma, depäňden basarlar” diýen dana sözüniň manysyny ýaşlar ýiti duýýarlar.
Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.%

*-http://www.azathabar.com/content/article/1977684.html

------------------------------------------------------------------------------------

هیچ نظری موجود نیست: