۱۳۸۸ اسفند ۲۸, جمعه

Kürtler Kerkukdaky syýasy agalygyny ýitirýär

Çarles Reknagel , 19.03.2010 , *- azathabar.com

7-nji martda geçen parlament saýlawlaryndan öň Kerkugyň syýasy sahnasynda esasy roly oýnaýan kürtlerdi. Ýöne Kerkuk we Tamim welaýatynda berlen sesleriň 80 prosentiniň sanalyp tamamlanmagy bu sahnanyň düýpgöter üýtgejekdigini görkezýär.

Şu gidişine gitse, bu welaýatda gelejekde sözi ýörejekler türkmenler bilen araplar bolar. Beýle bolan ýagdaýynda hem kürtleriň nebite baý Kerkuk şäherini geljekde özbaşdak kürt regionyna birikdirmek umydynyň başa barmagy kynlaşýar.
Türkmen syýasatçylary parlament saýlawlaryna gatnaşmakdan maksatlarynyň şudugyny ýaşyryp duranoklar. “Türkmen Frontunyň” Daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Hijran Kazanjy Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda dürli koalisiýalara girseler-de, türkmen kandidatlarynyň maksatlarynyň birdigini aýtdy.
“Türkmenler saýlawlara dürli koalisiýalaryň düzüminde gatnaşsalar-da, olar esasy we zerur meselelerde agzybir. Mysal üçin, olaryň hemmesi Kerkugyň haýsy-da bolsa bir federasiýa birikdirilmegine garşy. Türkmen diliniň Yragyň resmi dilleriniň biri bolmagy barada hem olaryň arasynda doly birlik bar. Zerur hasaplanmaýan käbir meselelerde ýagdaý, elbetde, başgaça. Dürli pikirlerde bolmak adaty zat, ol demokratiýanyň zerur bölegi” diýip, Kazanjy aýtdy.
“Dünýewi Yrakiýe” koalisiýasynyň kandidatlarynyň esasy bölegini emele getiren arap we türkmen kandidatlary. Olar saýlawa ilkinji gezek birleşip goşuldylar. Ozallar Kerkugyň esasy ilatyny emele getirýän kürtler, türkmenler we araplar bäsdeşlige özbaşlaryna gatnaşardylar.

Kürtler bu netijä garaşmandyr
Azat Yrak Radiosynyň habarçysy Simira Balaýyň aýtmagyna görä, kürtler bu netijä garaşmandyr: “Kürt koalisiýasy” saýlawyň netijesinde agdaklyk etjek özi bolar öýdüpdi.
Ýöne kürtler dürli partiýalar, şol sanda hem “Goran” partiýasyna ses berene meňzeýär. Şeýlelikde kürt koalisiýasy häzir sanawda “Yrakiýe” bilen deňe-deň barýar. “Yrakiýä” ses berenler türkmenler we araplar”.

Kürtler hem dürli partiýalara ses berseler-de, Kerkuga gezek gelende, türkmenler ýaly özleriniň agzybirdiklerini nygtaýarlar. Olar Kerkuga demirgazyk Yrakdaky özbaşdak kürt regionynyň tebigy we taryhy paýtagty diýip garaýarlar.

“Kerkuk meselesi Yragyň syýasy sahnasynda Baş kanunyň 140-njy maddasynyň esasynda çözülmeli. Ýöne 140-nji madda laýyklykda herekete geçmek üçin käbir işler aňsatlaşdyrylmaly. Kerkuk meselesiniň möhüm, ýeke-täk çözgüdi şu” diýip, Kerkugyň welaýat geňeşiniň başlygy Rizgar Ali aýdýar.

Ýöne türkmenler bilen araplaryň bu meseläni agzalýan 140-njy maddanyň esasynda häzirki saýlawlardan soň, Bagdat parlamentinde çözmäge bil baglaýandyklary görünýär.

“Saýlawyň netijeleri täze dialoga esas döretdi. Dialogyň platformasy belli. Meseläniň iki tarapynyň-da wekilleri bar. "Türkmen Fronty" "Yrakiýe" bilen birleşdi. Indi Kerkuk meselesinde iki tarap bar: biri kürt koalisiýasy, beýlekisi hem "Yrakiýe". Platforma belli. Indi bu ugurda bulaşyklyk bolmaz” diýip, Kerkuk häkiminiň arap orunbasary Rakan Said nygtaýar.%

-----------------------------------------------------------

هیچ نظری موجود نیست: